GÜNEŞLI ÜLKÄME BAHAR GELIPDIR


GÜNEŞLI ÜLKÄME BAHAR GELIPDIR

Müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan, parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk däplerini, umumadamzat ýörelgelerini dabaralandyrýan baýramlaryň biri hem gadymy Nowruz baýramydyr. Nowruz—Ýeriň süňňüniň öňkülere görä ýylan döwri. Nowruz—ene Zeminiň ýüzüniň tämizlenip, dal-daragtlaryň gül getirip, şineleýän, ýaprak çykarýan, miwe getirýän döwrüdir. Nowruzyň gelmegi bilen, diňe bir Zemin ýüzüne däl, eýsem, ynsanlaryň kalplaryna-da ýylylyk aralaşýar. Daýhanyň ýere atan tohumynyň nemlenip, şinelejekdigine bolan ynamy onuň haýyr işi jäht tutup, basym işe girişmegine itergi berýär.

ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Halkara Nowruz baýramy köp milletleriň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny özünde jemleýär. Şeýle ajaýyp dabaralara beslenip bellenilýän Nowruz baýramçylygyna bagyşlanyp Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Milli bahar baýramy mynasybetli «Güneşli ülkäme bahar gelipdir» atly sungat eserleriniň sergisi guraldy. Onda türkmeniň şekillendiriş sungatynyň ussat halypalary bolan Türkmenistanyň halk suratkeşleri Annadurdy Almämmedowyň «Bahar pasly», Ýewgeniýa Adamowanyň «Irisler», Ýarly Baýramowyň «Köpetdagyň eteginde» ýaly türkmen tebigatynyň baharyny wasp edýän eserleri, ussat suratkeşlerden Tamara Kiselýowanyň «Milletiň gülleýşi», Merdan Kakabaýewiň «Gözellik», Ogulnäzik Ummadowanyň «Güller» atly nakgaş eserleri hem-de ussat heýkeltaraşlaryň ýerine ýetirmeginde amaly-haşam sungatynyň miweleri bolan keramika eserleri sergilendi. Sergidäki şekillendiriş sungatynyň naýbaşy eserleri milli ýörelgeleriň we özboluşly bahar tebigatynyň bitewi sazlaşygyny açyp görkezýär. Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden nusgalyk däp-dessurlary bu baýramçylyk sergisinde ýerleşdirilen sungat eserlerinde öz beýanyny tapdy.

Bizi bagtyň eşretli zamanasynda ýaşadýan, türkmen medeniýetiniň, sungatynyň döwrüň ösen talabyna laýyk ösdürilmegi, kämilleşdirilmegi üçin uly tagallalar edýän, medeniýeti halkyň kalbyna deňeýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeli menzilleri rowaçlyklara ýar bolsun!