TÜRKMEN TEBIGATY
Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ”Türkmen tebigaty” ekspozisiýasynda guşlaryň, hawanlaryň, süýrenjileriň, ösümlikleriň we mör-möjekleriň birnäçesiniň gäpleri we gerbariýleri ýerleşdirilip, türkmen topragynyň gaýtalanmajak gözellikleri, täsinlikleri dogrusynda ylmy maglymatlaryň, türkmen nakyllarynyň, halk ertekileriniň, fotosuratlaryň we rowaýatlarynyň üsti bilen giňişleýin gürrüň berýär.
Tebigat bu adam üçin nämäni aňladýar? Bu biziň dem alýan howamyz, içýän suwumyz, hasyl alýan topragymyz. Ol biziň saglygymyzyň we maddy durmuşymyzyň çeşmesidir, çünki adam tebigy serişdelerden - nebitden, gazdan, minerallardan we beýlekilerden durmuş üçin zerur bolan zatlaryny öndürýär, jaý gurýar, egin-eşik, döwrebap tehnikalar öndürýär. Her bir adam bir hakykata düşünmeli, tebigat-budurmuşyň özenidir. Tebigaty goramak, ol barada alada etmek gerek.Biziň jemgyýetimiziň esasy wezipesi ilata we ilkinji nobatda ýaşlara ekologiýa babatda aň-bilim bermek bolup durýar.

Gözel ülkämiziň tebigatyny gorap saklamak, ylmy taýdan düýpli öwrenmek, olaryň sanyny artdyrmak, gözel ýerlerimizi aýawly saklamak maksadyna eýerip döwlet goraghanalary döredilendir. Ulkämiziň gözel ýerleriniň biri Türkmenistanyň günortasynda Murgap we Tejen derýalarynyň arasynda Hindiguş daglarynyň demirgazyk şahalarynyň biri bolan Paropamiz daglarynyň eteginde ýerleşen Bathyz belentligidir.
1941-nji ýylyň 3-nji dekabyrynda Bathyz döwlet goraghanasy açylýar. Goraghana gulanlary goramak we olary öwrenmek hem-de ýurdumyzda iň uly pisse jeňňelligini, haýwanlary we ösümlikleri gorap saklamak maksady bilen açylýar.Bathyz ýer ýüzünde gulanlaryň ýeke-täk ýaşaýan ýeridir. Gadym wagtlarda gulanlar Orta Aziýanyň düzlüklerinde hem dag eteklerinde ýaşapdyrlar.
Muzeýe gelýän myhmanlara„Türkmen tebigaty“ ekspozisiýasynda ýerleşdirilen, tebigatda duş gelýän her bir jandaryň öz ýeri bolup, tebigy sredada tutýan ornunyň ulydygyny hakynda düşündiriş bermek wajypdyr.Körpe nesillere bolsa haýwanlardyr, ösümlikler we mör-möjekler barada düşünje bemegi we olara seresaply çemeleşmek, goramak barada maglumat bermegi maksat edinýäris.
Tebigata bolan söýgi Watana bolan söýgi duýgusyny kemala getirýär. Hemme adamzat üçin mährem, zerur bolan „tebigat” atly umumy öýümiziň arassalygy, gözelligi, hezilligi, ýakymlylygy, täsinligi özümize, talabalaýyk terbiýe alan nesillerimize baglydyr. Goý, şol ajaýyp, giňişliklerine göz ýetmez ägirt uly öýümiz bizi mähremligi bilen çoýup dursun!Şol gözel görnüşde indiki nesillerimize hem miras galsyn!