BAGLAR-GÖZEL TEBIGATYMYZYŇ GÖRKI
Biziň halkymyz asyrlaryň dowamynda tebigatymyza, mukaddes ene topragymyza aýawly çemeleşmegiň we onuň bilen sazlaşykly ýaşamagyň özboluşly ýörelgelerini kemala getiripdir. Täze taryhy döwrümizde amala aşyrylýan ýurdumyzyň ekologiýa syýasaty şeýle asylly ýörelgelere esaslanýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz :«Köpri gurmak, ýol çekmek hem-de bag ekmek örän sogaply iş hasaplanýar.Bag ekmek dünýäniň bakylygyna goşant goşmakdyr ,ene topraga öz adyňy müdimilik ýazmakdyr» diýen röwşen manyly pähim-parasada ýugrulan sözlerinden ugur alyp,her ýyl ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy uly ruhubelentlik,ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilýär. Her ýylyň ýaz we güýz aýlary hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, ähli türkmen halkymyz bag ekmek dabarasyna işjeň gatnaşýar. Ekilýän baglar tebigatymyzyň gözelligine gözellik goşýar, toprak we howa şertlerimizi gowulandyrýar. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda» mukaddes Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň belleniljek ýylynda şeýle ählihalk bag ekmek dabaralarynyň geçirilmegi parasatly pederlerimiziň kemala getiren milli däp-dessurlarynyň häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
Hormatly Prezidentimiziň asylly göreldesine eýerip Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleri hem bag ekmek dabarasyna işjeň gatnaşdylar. Muzeýimiziň ýanaşyk ýerlerine töwereklerine birnäçe bag nahallaryny ekdiler, hem-de bar bolan nahallarda timarlaýyş işlerini geçirdiler. Bag ekmek çäresiniň ekologik abadançylygy üpjün etmek ýaş nesillerde zähmete söýgini terbiýelemek ähmiýeti örän uludyr. Muzeýimizde geçirlen bag nahallaryny oturtmak boýunça ählihalk ýowara gatnaşyjylar, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwrülmegi üçin ähli mümkinçilikleri,şertleri döredip berýänligi üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işlerinde uly üstünlikler arzuw etdiler.
