«GÜNEŞLI ÜLKÄME BAHAR GELIPDIR» ATLY TELEÝAZGY


«GÜNEŞLI ÜLKÄME BAHAR GELIPDIR» ATLY TELEÝAZGY

Gözel tebigatly owadan bahar pasly özüniň tämiz, ýakymly we ajaýyp howasy bilen dünýämize, ýüreklerimize aralaşýar. Pasyllaryň soltany hasaplanylýan bahar paslynyň gelmegi bilen daş-töwerek ýaşyl begrese bürenip, daragtlar pyntyk ýaryp, gül-gunçalar lälezarlyga öwrülýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Ilkinji Zenanlar guramasy bilen bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Güneşli ülkäme bahar gelipdir» atly teleýazgysy geçirildi. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň geçirilen teleýazgyny «Miras» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilip, gepleşigi Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Aýnabat Mämedorazowa alyp bardy.

Teleýazgyda muzeýimiziň bölüm müdiri Hallygözel Şanazarowa, hem-de Ylmy barlag bölüminiň uly ylmy işgäri Güljeren Guljaýewa, şol bölümiň hünärmeni Altynaý Esenowa dagylar çykyş etdiler. Türkmen milletimiziň asyrlar aşyp mukaddeslige öwren millilikleri bu gün döwrebap äheňde özüniň gymmatyny artdyrýar. Ene-mamalarymyzyň sülük barmaklaryndan çykan keşdedir, gaýmalarymyz, behişdi halylarymyz bu gün dünýäni haýrana goýýandygy dogrusynda söhbetdeşlik geçirildi.