NOWRUZ-PARAHATÇYLYGYŇ WE DOSTLUGYŇ BAÝRAMY
21-nji martda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde Halkara Nowruz baýramçylygyna bagyşlanan meşhur aýdymçylaryň, ýaş ýerine ýetirijileriň, tans we halk döredijilik-etnografiýa toparlarynyň gatnaşmagynda ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk konserti geçirildi. Bu konserta türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.
Ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirilen çykyşlar, tomaşaçylaryň kalbynda watansöýüjilige, agzybirlige, mizemez dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da berkemeginde uly buýsanç döretdi.