Köwata gowagy


Köwata gowagy



Ýerasty kölli bu gowak Aşgabatdan 90 km günbatarda, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýär. Ol tebigatyň seýrek duş gelýän geologik ýadygärliklerine degişlidir. Gowagyň umumy uzynlygy 230 m, ini 57 m, beýikligi bolsa 20 m barabardyr.

Gowagyň düýbi iri hek daşlary bilen örtülendir. Gowagyň töründe, esasy girelgeden 60 m aşakda, uzynlygy 72 m, giňligi 30 m, meýdany 108 inedördül m we ortaça çuňlugy 10 m bolan gowşak minerallaşan kükürt wodorodly köl ýerleşýär. Kölüň suwunyň ýylylygy ortaça + 37°C deňdir. Onuň özüne çekijiligi mawy reňkli suwunyň ynsan saglygyny berkidiş güýjüniň bolmagy bilen düşündirilýär. Kölüň suwy irki döwürlerden bäri derman hasap edilýär. Onuň düzüminiň derňewi ilkinji gezek 1887-nji öwrenilipdir.

Soňky geçirilen ylmy barlaglar suwuň düzüminde himiki elementleriň çylşyrymly utgaşmalarynyň bardygyny görkezdi. Suwuň düzüminde tapylan 27 sany himiki elementleriň arasynda bejeriş häsiýetli maddalar hem köpdür.

Köwata gowagy Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen görnüşiniň ýarganatlaryň uly toparynyň ýaşaýan ýeri hökmünde hem meşhurdyr. Zyýanly mör-möjekleri ýok etmekde olaryň ähmiýeti örän ulydyr.

Häzirki wagtda bu ýerde syýahatçylary kabul etmäge niýetlenen şertleriň ählisi diýen ýaly döredilendir. Şoňa görä-de ol häzirki döwürde sagaldyş maksady bilen syýahatçylaryň uly akymyny kabul etmek bilen diňe bir döwletimizde däl, eýsem ýurdumyzyň daşynda-da has meşhurdyr.

Bu gowak häzirki wagtda sagaldyş maksady bilen gelýän syýahatçylaryň uly toparlaryny yzygiderli kabul edýär. Köwata gowagynyň düýbi gümmezinden gaçýan hek daşlar bilen örtülen, hek daşlaryna kükürtli suwlaryň edýän täsirleri netijesinde himiki täsirleşmeler şu wagt hem geçip dur. Ylmy barlaglaryň tassyklamagyna görä, ýerasty kölüniň suwy ynsan saglygyny berkitmekde örän täsirlidir.