ÄHLI HALK BAG EKMEK DABARASY


ÄHLI HALK BAG EKMEK DABARASY

Baharyň ilkinji günlerinde ekologiýa taýdan arassa şäher, akylly şäher Arkadag şäherinde ähli halk bag ekmek dabarasy geçirildi.

Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýazky bag ekmek dabarasy Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň badalga bermeginde ýurdumyzyň ähli künjeginde bag nahallarynyň müňlerçesi oturdyldy. Şeýle asylly başlangyçlara eýerip Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň, ruhubelent zähmetkeşleriniň şeýlede bagtyýar talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda şäheriň gözel künjegünde bag ekmek dabarasy uly ruhubelentlik bilen geçirildi. Dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Ähli halk bag ekmek dabarasyna Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň agzybir işgärleri hem säheriň hoştap howasynda bu dabara işjeň gatnaşdylar. Bize şeýle asylly başlangyçlara görelde mekdep bolup duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ýaz we güýz pasyllarynda bag nahallaryny oturtmak asylly däbe öwrüldi. Biziň ýaşyl şäher Arkadag şäherimiziň ekologiýa taýdan arassalygyny diňe biziň ýurdumyz däl, inni dünýä döwletleri ykrar etýärler.

Watanmyzyň gülläp ösmegi ugrunda uly işleri alyp barýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, halk bähbitli döwletli tutumlarynyň rowaç bolmagyny arzuw etýäris.