TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

24-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitiň bugdaý ekilen meýdanlaryny agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek we bu jogapkärli möwsümi agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlaryny mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Şeýle-de welaýatda pile öndürijiler bilen şertnamalar baglaşylyp, ýüpekçi kärendeçileri ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagynyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

«Türkmenistan» gazeti