TÜRKMEN DIPLOMATIÝASYNYŇ MÖHÜM ÜSTÜNLIGI ÜNS MERKEZINDE
24-nji martda Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dabaralanmagy» atly maslahat geçirildi. Ol 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegine bagyşlandy. «Mekan» köşgüne ýurdumyzyň Hökümet agzalary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyplar ýygnandylar.
Maslahat başlanmazdan ozal, oňa gatnaşyjylar bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar. Soňra köşgüň sahnasynda «Ýaşasyn Bitarap Türkmenistan!» atly edebi-sazly kompozisiýa ýerine ýetirildi. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artistleri tarapyndan taýýarlanylan kompozisiýada Ýer ýüzüniň halklarynyň abadan durmuşyny üpjün etmekde türkmen Bitaraplygynyň ähmiýeti beýan edildi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly täze Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli hormatly Prezidentimize iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, 2025-nji-Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk derejämiziň indi üçünji gezek degişli Kararnama esasynda ykrar edilmeginiň Bitaraplyk syýasatymyzyň mynasyp dowam etdirilýändigini, ýurdumyzyň halkara derejedäki at-abraýynyň barha ýokarlanýandygyny, döwlet Baştutanymyzyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek boýunça tagallalarynyň dünýäde giňden goldanylýandygyny aýdyň görkezýändigi bellenilýär.
«Türkmenistan» gazeti