ÜSTÜNLIK ŞAHADATNAMASYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
Aba Annaýew adyndaky Arkadag şäher atçylyk akademiýasynyň mejlisler zalynda Arkadag şäher häkimliginiň guramagynda Hytaý Halk Respublikasynyň Hançžou Dýanzi uniwersitetiniň Arkadag akylly şäheriniň ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýandygy hakynda üstünlik şahadatnamasynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Şeýle-de bu dabarada «Türkmenaragatnaşyk» agentligine 5G tehnologiýasynyň Türkmen Älem 52E torunyň üsti bilen Arkadag şäherine ornaşdyrylandygyny maslahata gatnaşyjylar uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Bu dabarada Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň kitaphanaçylary hem Aba Annaýew adyndaky Arkadag şäher atçylyk akademiýasynyň mejlisler zalynda özleriniň neşir önümleriniň göçme kitap sergilerini gurnadylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.