«SEBITARA YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYŇ DURMUŞ TAÝDAN TÄSIRI WE JEMGYÝETE TÄSIRI» ATLY BRIFING GEÇIRILDI


«SEBITARA YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYŇ DURMUŞ TAÝDAN TÄSIRI WE JEMGYÝETE TÄSIRI» ATLY BRIFING GEÇIRILDI

Aşgabatda geçirilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň eden çykyşyndan ugur alyp, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň durmuş taýdan täsiri we jemgyýete täsiri» atly Brifing geçirildi. Şol forumda beýan edilen esasy ugurlary, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çykyşynyň mazmunyny has çuňňur öwrenmek we ýaşlarymyza düşündirmek maksady bilen geçirilen çärä Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyp ýaşlary we professor mugallymlary işjeň gatnaşdylar.

Maslahat Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Jemgyýeti öwreniş ylymlary» kafedrasynyň uly mugallymlary Annanabat Hojamämmedowanyň, Gülşirin Otuzowanyň, Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýgül Ýagşyýewanyň, Kitaphana müdiri Maral Nuryýewanyň çykyşlary bilen dowam etdi. Maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Watanymyzyň durnukly sebitara we durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri dogrusynda giňişleýin täsirli gürrüňleri berdiler. Geçirilen Brifingiň dowamynda edilen çykyşlar dogrusynda talyp ýaşlar bilen sorag-jogap alşyldy.

Çykyşlaryň ahyrynda ýurdumyzda daşary ýurtlar bilen dürli ugurlar boýunça sebitara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde, ylmy tehniki gatnaşyklary ýola goýmakda alyp barýan giň gerimli işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.



Orazjahan MÄMMETDURDYÝEWA



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň 3-nji ýyl talyby