AT-DA WEPA-DA BAR SAPA-DA
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylymyzyň her bir güni uly ruhubelentlik bilen geçirilýän çäreler bilen utgaşýar. Şanly ýylymyza şan berip, mukaddes ýaşyl tugumyzy al-asmanda parladyp, ýeňiş gazanan Milli sirk sungatynyň ussatlary «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Lebap welaýatyna gurnalan döredijilik sapary bilen bagly Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň bilelikde guramagynda «At-da wepa-da bar sapa-da» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik çäresi geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda seýisçilik sungatyny ösdürmäge, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýäde dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunlar aýdyldy.