BITARAPLYK–PARAHATÇYLYK WE DOSTLUK ÝÖRELGÄMIZ


BITARAPLYK–PARAHATÇYLYK WE DOSTLUK ÝÖRELGÄMIZ

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Bitaraplyk–parahatçylyk we dostluk ýörelgämiz» ady bilen şanly Bitaraplygyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Halkara Bitaraplyk türkmen taryhyna müdimilik altyn harplar bilen ýazylyp, ýurdumyz dünýä döwletleriniň arasynda iň ýokary parahatçylyk dörediji merkez bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de häzirki wagtda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerinden gelip çykýan aýdyň wezipeler dünýä ählumumy parahatçylygyň pugtalanmagynda, durnukly ösüşiň we abadançylygyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygy barada belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda baky Bitaraplyk hukuk derejämizi, parahatçylyk ýoluny mynasyp dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.