PARAHATLYK GELJEGE IŇ MUKADDES MIRASDYR


PARAHATLYK GELJEGE IŇ MUKADDES MIRASDYR

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň halypa mugallymlary hem-de bagtyýar talyp-ýaşlary bilen bilelikde «Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin belent maksatly beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp, asuda, parahat zamanasynda ýaşamak, bilim almak, işlemek, döretmek her bir ýaş nesil üçin uly bagt, bahasyna ýetip bolmajak baýlykdygy barada aýratyn nygtadylar. Şeýle-de dünýäniň dürli ýurtlary bilen parahatçylyk, dost-doganlyk we ynsanperwer gatnaşyklary has-da berkitmek ugrunda alnyp barylýan beýik işler barada buýsançly gürrüňler berdiler. Talyp-ýaşlar, kitaphanamyzyň sergileri, bölümleriniň alyp barýan işleri hem-de kitap gaznasy bilen ýakyndan tanyş boldular.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzy ähli ugurlar boýunça belent sepgitlere ýetirmekde ýaşlara görelde mekdebi bolýan, olara okamaga, işlemäge, döretmäge giň ýol açyp berýän, dünýä döwletleri bilen parahatçylykly gatnaşyklary alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.