MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ GOŞGULARYNDA AGZYBIRLIGIŇ WE PARAHATÇYLYGYŇ WASPY
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda Aşgabat şäher häkimliginiň toplum binasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli «Magtymguly Pyragynyň goşgularynda agzybirligiň we parahatçylygyň waspy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Magtymguly Pyragynyň «Berkarar döwlet islärin» diýen dürdäne goşgy setirleriniň ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda hasyl bolandygyny, şeýle-de parahatçylygyň, bagtyýarlygyň we döredijilikli zähmetiň gaýnap joşýan mekany hökmünde äleme dolan gözel diýarymyzyň her bir güniniň toýdyr-baýramlara şany senelere, taryhy wakalara beslenýändigini uly buýsanç bilen nygtadylar.
Söhbetdeşligiň dowamynda parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegi üçin her döwürde hem zerur bolandygyny, bu barada gündogar edebiýatynyň synmajak sütüni bolan Magtymguly Pyragynyň goşgularynda agzybirligiň, jebisligiň, asuda durmuşyň we parahatçylygyň ornunyň örän uly bolup, nesil terbiýesinde ýol görkeziji mekdepdigini bellediler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda öz bagtyýar halkyny aýdyň gelejege sary ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.