BITARAPLYK DOGANLYK, AÝDYŇ ÝOLUMYZ


BITARAPLYK DOGANLYK, AÝDYŇ ÝOLUMYZ

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda «Bitaraplyk doganlyk, aýdyň ýolumyz» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Ynha bu gün 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip atlandyrylmagy ähli halkymyzy şeýlede ýaş nesillerimizi belent buýsanç duýgusy bilen joşdurdy. Bagtyýar ýaşaýşymyzyň, dünýäniň ýurtlary we halklary bilen hoşniýetli goňşyçylyk gatnaşyklarymyzyň, hyzmatdaşlyklarymyzyň özeni bolan bagtyýarlyk hukuk ýagdaýymyzdan gözbaş alýan bu mukaddes şygar bu günki gün ör boýuna galýar. Hormatly Prizidentimziň bütindünýäni agzybirlige, dost- doganlyga çagyrýan parasatly daşary syýasatynyň ýenede bir mertebe aýdyň dabaralanmasy bolup, ýüreklere nur saçýar. Halkara Bitaraplyk ýol ýörelgämiz çuňňur many mazmuna göz ýetirmek üçin ata-babalarymyz parahatçylyga, asudalyga, dost-doganlyga dünýä halklary bilen hoşniýetli, goňşyçylyk, gatnaşyklaryna goýýan sarpasyna ser salmak örän ýerliklidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler netijesinde ykdysadyýetimizi ýokary götermäge, halkymyzyň ýaşaýyş durmuş şertlerini has-da gowlandyrmagyna gönükdirlen il bähbitli , ýurt ähmiýeti tutumly işler ýurdymyzyň raýatlarynyň arasynda gyzgyn goldawa eýe bolýar.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza biz ýaşlar üçin zähmet çekmäne döredip berýän mümkinçiliklerine sag bolsun aýtýaryn! Goý olaryň janlary sag başlary dik bolsun! Il–ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin.