KITAPHANA–HAZYNALAR OJAGY


KITAPHANA–HAZYNALAR OJAGY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler we Biblografiýa bölümleri «Kitaphana–hazynalar ojagy» ady bilen kitap sergi gurnady.

Döwlet kitaphanasynyň baý gaznasyndan «Kitaphana–hazynalar ojagy» atly kitap sergi gurnalyp, kitabyň gymmaty, kitap okamagyň aýratynlyklary we kitaphon nesillerimizi kemala getirmek meseleleri hem giňden wagyz edildi. Bu sergi türkmen halkynyň taryhyny çuňňur öwrenmeklikde esasan hem ýaş nesillerimiziň ylym-bilim hem-de aň-düşünjesini ösdürmekde uly ýardam berýär.

Kitap sergisine gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.