ÝAŞLARYŇ BAGTYÝARLYGY WATANYMYZYŇ BUÝSANJYDYR
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni-köpçülik işleri bölümi «Ýaşlaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr» ady bilen kitap sergisini gurady. Bu guralan kitap sergisinde hormatly Prezidentimiziň ýazan gymmatly kitaplary, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlary terbiýelemekdäki durmuş mekdebi bolan ajaýyp eserleri ýerleşdirildi. Bu guralan kitap sergisinden okyjylar özleriniň gerekli soraglaryna jogap tapdylar.