«PARAHATDYR DIÝARYM, EZIZ TÜRKMENISTANYM» ATLY GÖÇME SERGI
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylymyzyň her bir güni göwünleri galkyndyrýan şanly wakalar, baýramçylyk dabaralary mynasybetli ýokary guramaçylykda geçirilýän çäreler bilen utgaşýar. Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň meýilnamasy esasynda «Türkmenhimiýa» döwlet konseriniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebinde «Parahatdyr Diýarym eziz Türkmenistanym» atly muzeý gaznasynda saklanylýan milli gymmatlyklarymyzdan göçme sergi gurnaldy.
Sergä tomaşa eden talyp ýaşlarda milli medeniýetimize, milli mirasymyza bolan söýgini döretmekde has-da ähmiýetli boldy. Milli we ruhy mirasymyzy şöhlelendirýän muzeý gymmatlyklaryndan düzülen sergiler ösüp gelýän ýaşlarymyzda milli gymmatlyklary öwrenmäge, gorap saklamaga, wagyz etmäge we ony geljekki nesillere ýetirmekde terbiýeçilik ähmiýetli uly baý çeşme bolup durýar. Milli mirasymyzy dünýä ýaýmakda we muzeý işini has-da kämilleşdirmäge döredip berýän ähli mümkinçilikleri, şertleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.