PARAHATDYR DIÝARYM, EZIZ TÜRKMENISTANYM
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow adyndaky ýöriteleşdirilen bank mekdebinde «Parahatdyr Diýarym, eziz Türkmenistanym» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy.
Göçme kitap sergisinde Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri, akyldar şahyrymyz, dünýä şygryýetiniň göwheri Magtymguly Pyragynyň dünýä dillerinde neşir edilen kitaplary, şeýle-de ýurdumyzyň tanymal ýazyjy-şahyrlarynyň dürli temalardaky Watanmyzy wasp edýän çeper edebiýatlary ýerleşdirilip, bu kitap sergisini has hem baýlaşdyrmakda öz beýanyny tapdy. Şeýle-de asuda Watanymyzda parahat, bolelin ýaşaýan türkmen halkynyň kalbynda söýgi, hyjuw, buýsanç duýgulary joşýandygy, ajaýyp zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi çärä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagy, alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.