TÜRKMENISTAN–SUNGATYŇ DIÝARY


TÜRKMENISTAN–SUNGATYŇ DIÝARY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminiň-Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik Akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde «Türkmenistan–sungatyň diýary» atly guran bu göçme sergisi türkmeniň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň eserleri, şeýle-de Döwlet kitaphanasynyň baý kitap hazynasynda bar bolan sungat ussatlaryna bagyşlanyp ýazylan gollanmalar hem-de kitaplar bilen guraldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň saýasynda göwnüňi belentliklere galkyndyrýan, ruhuny belent edýän, nesilleriň uçar ganaty bolan kitabyň gadyry beýik tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz «Biziň halkymyz kitaphon halk. Kitap okalyp, onuň mazmuny köpçülige ýetirilensoň, ol ruhy baýlyga öwrülýär. Kitapdan okalan, öwrenilen gymmatly bilimler hem terbiýäniň üsti bilen geljekki ýaşlara geçirilýär» diýip belleýär. ( // Berdimuhamedow S. Ýaşlar–Watanyň daýanjy.–A.:Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2023. Sah.8-9.)

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen gülleýän medeniýetimiz bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň parahatçylygy, abadançylygy, halkymyzyň bagtyýarlygy öz beýanyny tapýar. Şular ýaly ajaýyp zamanany peşgeş beren, Türkmen medeniýetiniň we sungatynyň sarpasyny hasda belende göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.