«YNSANPERWERLIGIŇ WE DOSTLUGYŇ BAÝRAMY» ATLY AÝDYM-SAZLY DABARA


«YNSANPERWERLIGIŇ WE DOSTLUGYŇ BAÝRAMY» ATLY AÝDYM-SAZLY DABARA

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramaklarynda «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli Birleşen arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalaryň gatnaşmagynda «Ynsanperwerligiň we dostlugyň baýramy» atly aýdym-sazly dabara, çagalaryň döredijilik işleriniň sergisi, dürli sport çäreleri» geçirildi.

Geçirilen çärede Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy göçme sergi gurady we wagyz-ündew geçirdi. Şol ýerde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy Türkmeniň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň eserleriniň, şeýle-de Döwlet kitaphanasynyň baý kitap hazynasynda bar bolan neşirlerden göçme sergi guraldy we wagyz-ündew işleri geçirildi. Şol ýerde guralan sergi we wagyz-ündew işleri hakynda Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçysy Altyn Çaryýewa «Ýaşlyk» teleýaýlymynda çykyş etdi.

Ýaş nesillerimize okamaga, öwrenmäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janlary sag, başlary dik, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.