YNSANPERWERLIGIŇ WE DOSTLUGYŇ BAÝRAMY


YNSANPERWERLIGIŇ WE DOSTLUGYŇ BAÝRAMY

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramaklarynda «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli Birleşen arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalaryň gatnaşmagynda «Ynsanperwerligiň we dostlugyň baýramy» atly aýdym-sazly dabara, çagalaryň döredijilik işleriniň sergisi, dürli sport çäreleri» geçirildi.

Bu çäre mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy göçme sergi gurady. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda gazanylýan zähmet üstünlikleri, toýlara badalga bolup, toý-baýramly günler bilen utgaşýar. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramaklarynda «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli Birleşen arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalaryň gatnaşmagynda «Ynsanperwerligiň we dostlugyň baýramy» atly aýdym-sazly dabara, çagalaryň döredijilik işleriniň sergisi, dürli sport çäreleri» geçirildi.

Geçirilen çärede Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy türkmeniň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň eserleri, şeýle-de Döwlet kitaphanasynyň baý kitap hazynasynda bar bolan neşirlerden göçme sergi gurady.

Türkmeniň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir täze eseri biziň üçin üýtgeşik bir dünýä syýahat. Her bir harpy, setiri paýhas zeri çaýylan sahypalaryň içine aralaşanyňdan, sen özüň üçin täze-täze açyşlary edip ugraýarsyň. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň asyrlar aşyp gelen gadymy gymmatlyklaryny, şöhratly taryhyny, milli medeni mirasyny öwrenmeklige, olary dünýä ýaýmaklyga uly üns berilýändigi dogrusynda göçme sergä we dabara gatnaşyjylar belläp geçdiler.

Ýaş nesillerimize okamaga, öwrenmäge, döretmäge giň ýol açan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.