KITAP, ADAMZADYŇ KÖŇÜL NAGŞYDYR
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda hem ýaş nesilleri kitap okamaklyga çagyrmak hem-de kitabyň adamzadyň durmuşynda tutýan orny barada giňişleýin gürrüň bermek maksady bilen Aşgabat maliýe–ykdysady orta hünär okuw mekdebinde «Kitap, adamzadyň köňül nagşydyr» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.
Kitaphana hünärmeni Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň eserleriniň ynsanlary ýokary watansöýüjilik ruhynda terbiýelemeklikde gymmatly çeşmedigi barada hem-de kitaplarda beýan edilýän wakalaryň ýokary çeperçiliginiň ähmiýeti dogrusynda beren gürrüňleri ýaş nesillerde uly täsir galdyrdy. Görnükli nusgawy edebiýatymyzda öz döreden eserleri bilen baky öçmejek yz galdyran şahsyýetleriň hem döredijilik ýoly hakynda hem buýsançly gürrüňler edildi.
Çärämiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň kitap bilen dostlaşmagy hem-de kitap we kitaphana işiniň dünýä derejesinde çykmagy üçin uly tagallalary durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.
