«MÄKÄM BOLSUN HALKLARYŇ DOST-DOGANLYK KÖPRÜSI» ATLY SERGI
Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmek üçin biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly iň gymmatly düşünjedir. Ol häzirki wagtda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülýär. Halkyň dürli ugurlarda öňegidişliklere eýe bolmagy medeniýetiň we sungatyň ösmegi bilen hem berk baglanyşyklydyr. Çünki halklaryň medeniýetiniň we sungatynyň kämilleşmegine onuň ruhy dünýäsi esasy ylham çeşmesidir.
Şekillendiriş sungaty ruhy gönezlikden kemal tapýar. Şol ruhy gönezlik hem müňýyllyklaryň dowamynda dünýä halklarynyň aňynda parahatçylygyň durmuşyň naýbaşy gymmatlygydygy baradaky mukaddes düşünjäni kemala getirýär. Dost-doganlygy durmuş ýörelgesine öwren halkymyzyň milli-medeni gymmatlyklary ynsan kalbynyň ruhy dünýäsiniň bezegine öwüşgin çaýýar. Medeni gatnaşyklaryň rowaçlanmagy netijesinde halkymyz dünýä ýüzüne öz dostana kalbyny açyp görkezdi. Dünýä ýüzüniň şekillendiriş sungatynyň ussatlarynyň kalplaryndan dörän gymmatlyklaryna parahatçylygyň sesi ebedilik ornaşýar. Bu günki gün hem, şekillendiriş sungatynyň ussatlarynyň taryha siňen zähmetlerini belentden sarpalap, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasyndaky daşary ýurtly meşhur suratkeşleriň hem-de ussat türkmen suratkeşlerimiziň nusgawy eseriniň «Mäkäm bolsun halklaryň dost-doganlyk köprüsi» atly sergi guraldy. Sergide müňýyllyklar içre halkymyzyň hemrasy bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň miweleri bolan ajaýyp sungat eserleri öz beýanyny tapdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar türkmen ruhynyň we buýsanjynyň dabaralanýan häzirki ajaýyp döwrümizde milli buýsanjymyz bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryna goýulýan hormat sarpanyň belentligini täze röwşene eýe eden Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, umumadamzat bähbitli işleri hemişe rowaçlyklary beslensin!
