«HALYPA USSATLARYŇ ESERLERINDE SELJUKLAR DÖWRI» ATLY DÖREDIJILIK MASLAHATY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Gahryman Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň geçmiş taryhyny öwrenmeklik üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen halkynyň uly taryhy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýär. Türkmen halkyny dünýä äşgär eden, ylmyň, söwdanyň, senetçiligiň ösen döwri beýik Seljuk türkmen döwletiniň ady bilen aýratyn taryha girdi.
Türkmende bir aýtgy bar: «Geçmişi bolmadygyň geljegi bolmaz» diýilýär. «Hakyda göwheri» atly bu kitap bize şöhratly tarymyzy öwrenmekde, ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde möhüm gollanmadyr.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabyna bagyşlanyp, «Halypa ussatlaryň eserlerinde Seljuklar döwri» atly döredijilik maslahaty geçirildi. Maslahatda halypa mugallymlaryň çykyşlaryna uly orun berildi. Aýratynam Döwletgeldi Akyýewiň kitap bezeginde Seljuklar döwrüniň şöhlelenişi, türkmen nakgaşçylygynda soltanlaryň edermenligi, Seljuklar döwrüniň miniatýura sungaty, türkmen heýkeltaraşlyk sungatynda Seljuk hökümdarlarynyň çeper çözgüdiniň aýratynlyklary, Soltan Sanjar döwründe ylmyň ösdürilişi şeýle-de, nakgaşçylykda Seljuk hanlarynyň portretleriniň ýerine ýetirilişi bilen bagly gyzykly ylmy çykyşlar boldy.
Türkmen suratkeşleriniň öňünde gadymy çeperçilik däplerini täzeden dikeltmek, oňa döredijilikli çemeleşmek, geçmiş-taryhymyzda uly yz galdyran gerçek ogullarynyň halkynyň öňünde bitiren hyzmatlaryny şöhratlandyrmak bilen olaryň birnäçesiniň keşplerini nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk sungatynda dikeldildi. Olardan halypa nakgaş Babageldi Owganowyň “Muhammet Togrul beg Türkmeniň Bagdatda dabaraly garşylanyşy”, “Soltan Sanjaryň ilçileri kabul etmegi”, halypa suratkeş Allamyrat Muhammedowyň “Togrul bege soltanlyk hutbasy berilýär”, Türkmenistanyň Halk suratkeşi Isanguly Işangulyýewiň “Togrul beg türkmen”, nakgaş Annadurdy Myradalyýewiň “Soltan Sanjar halk bilen”, Halk suratkeşi Aman Amangeldiýewiň “Soltan Sanjaryň Merwe girmegi” atly nakgaş eserleriniň üstünde aýratyn durlup geçildi. Şeýle-de suratkeşler Ýarly Baýramowyň, Kakajan Oraznepesowyň, Rejepberdi Berdiýewiň, Kakabaý Gullyýewiň döredijiliginde seljuk hökümdarlarynyň keşpleri özüniň mynasyp ornuny tapýar.
Türkmen heýkeltaraşlyk sungatynda taryhy şahsyýetlerimiziň keşbi döredildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda döredilen heýkel eserleriň agramly bölegi milli şahsyýetlerimize bagyşlanyp ýerine ýetirildi. Şol döredilen keşpleriň ählisine seredeniňde watançylyk ruhuň göterilýär. Bu döwürde taryhy şahsyýetleriň, şahyrlaryň we ýazyjylaryň keşplerini heýkeltaraşlyk sungatynda janlandyrmakda işjeň gatnaşan türkmen heýkeltaraşlarymyzdan Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýew, Türkmenistanyň halk suratkeşi Babasary Annamyradow, Gylyçmyrat Ýarmämmedow, Nurmuhammet Ataýew we başga-da birnäçe ýaş heýkeltaraşlaryň döredijilik eserleri barada çykyşlar boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabyna bagyşlanyp, geçirilen «Halypa ussatlaryň eserlerinde Seljuklar döwri» atly döredijilik maslahaty talyp ýaşlar üçin gymmatly çeşmedir.