«SAZ ÄLEMI» GAZETINE SYN
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda her iki aýdan çap edilýän “Saz älemi” atly mugallymlar gazediniň tanyşdyrylyş maslahaty geçirildi. “Saz älemi” içki gazetlarymyzyň biri bolup, 2021-nji ýyldan bäri çykarylyp gelýär. Onda diňe konserwatoriýanyň mugallymlary däl-de, eýsem beýleki sazçylyk mekdeplerinde işleýän mugallymlaryň makalalary hem çykarylýar. Gazetda diňe bir aýdym-saz bilen baglanşykly makalalar bolman, başga-da dürli görnüşdäki temalara degişli makalalar ýerleşdirilen.
Mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda geçirilen maslahaty “Saz nazaryýeti” kafedrasynyň mugallymy Oraztäç Amanmyradowa alyp bardy şeýle-hem, gazediň şu sanynda çap edilen makalalaryň ady we awtorlary bilen tanyşdyrdy. Şol makalalar boýunça özüniň pikirlerini, belliklerini we gymmatly maslahatlaryny bermek üçin Türkmenistanyň ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, dil we edebiýat ylymlarynyň kandidaty Täzegül Hapyzowany myhmançylyga çagyryldy.
Çap edilen makalalaryň arasynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Halow Muhammetgulyýewiň “Akkardeon saz guralynyň döreýiş taryhy” atly makalasy, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Lälezar Türjanowanyň “Halypa hatyrasy” atly makalasy, “Milli saz gurallary bejermek we kämilleşdirmek” labaratoriýasynyň uly Ylmy işgäri Amannepes Amannepesowyň “Asyrlardan arşa galan senet” atly makalasy, “Kompozisiýa we gurallama” kafedrasynyň müdiri, kompozitor, uly mugallym Kerimguly Garowowyň “Täze fortepiano eserleriniň ýygyndysy” we “Döwür bilen sazlaşýan sungat” atly makalalary, “Halk saz gurallary” kafedrasynyň uly mugallymy Tatýana Ýuzeýewanyň “Bu akkerdeonyň gaýtalanmajak owazlary” atly makalasy we “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň uly mugallymy Irina Koçkarýowanyň “Ýörite fortepiano dersinde nota boýunça ýüzugra okamagy terbiýelemek” atly makalasy ýerleşdirilen.
Maslahatyň dowamynda her bir makala barada gürrüň edildi we gyzykly sorag-jogaplar alyşyldy mugallymlar özleriniň makalalary barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Soňra gadyrly myhmanymyz dil we edebiýat ylymlarynyň kandidaty Täzegül Hapyzowa “Saz älemi” gazedinde çykan makalalar boýunça özüniň maslahatlaryny berdi we mugallymlara alyp barýan işlerini has-da giňeltmeklerini maslahat berdi. Şeýle makalalaryň ýazylmagy diňebir ýaş mugallymlar üçin däl-de eýsem, talyp ýaşlar üçin peýdaly boljagyny belläp geçdi. “Sazşynaslyk” hünäriniň talyplary bilen bir hatarda ähli talyp ýaşlaryň ylym bilen meşgullanmagyny aýdyp, birnäçe teklipler bilen ýüzlendi. Gymmatly we gyzykly maslahatlary bilen mugallymlara we talyplara üstünlik arzuw etdi.