KITAP BILIMLERIŇ ÇEŞMESI


KITAP BILIMLERIŇ ÇEŞMESI

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň «Arkadag» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Kitap bilimleriň çeşmesi» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde geçmişdäki danalaryň, alymlaryň paýhasly jümlelerini öwran-öwran okaýarys. Bu parasatly sözler durmuş, ylym, dost-doganlyk hakyndaky pikirleri özünde jemleýär. Bu jümleleri okamak, ýol-ýörelge edinmek ynsanyň kämilligi bolup durýar. Emma iň esasy kämillik okamakdyr. Okaýan ynsan kämillige ýetýär, giň düşünjeli bolýar, ylym-bilime düşünýär. Kämillige barýan ýol okamagyň üsti bilen amala aşýar. Türkmen halky kitaba, ylym-bilime aýratyn sarpa goýýar. Esasan-da, kitap okamak, kitaby hemra edinmek asylly ýörelgämizdir. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýmek bilen, kitabyň many-mazmuny hakynda çuňňur beýan edýär. Şonuň üçin hem pähimdar pederlerimiz ýaşlara terbiýe berenlerinde ylym-bilimli bolmagy, kitaphon bolmagy wesýet edipdirler. Şular hakynda giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Ruhy baýlygymyz bolan kitaplary öwrenmäge we giň okyjylara ýetirmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.