KITAPHANALARDA YLMY-USULYÝET IŞLERINI DÖWREBAPLAŞDYRMAK
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde «Kitaphanalarda ylmy-usulyýet işlerini döwrebaplaşdyrmak» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler: Hormatly Prezidentimiziň Kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça kitaphanalaryň öňünde durýan wezipeler hakynda aýdyp geçmek bilen, kitaphanalaryň işini täzeçe guramagyň derwaýys mesele bolup durýandygyny nygtadylar. Sebäbi, döwletiň hemme taraplaýyn ösmeginde kitaphanalar esasy ruhy baýlyk bolup durýar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işlerinde üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.