KITAPHANALARDA YLMY-USULYÝET IŞLERINI DÖWREBAPLAŞDYRMAK
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň işgärleriniň gatnaşmagynda «Kitaphanalarda ylmy-usulyýet işlerini döwrebaplaşdyrmak» ady bilen usuly maslahat geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler: Häzirki wagtda ýurdumyzyň kitaphanalarynyň ylmy-usulyýet işlerini döwrebaplaşdyrmakda alnyp barylýan işler, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň «Kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyndan» gelip çykýan netijeleri durmuşa ornaşdyrmakda häzirki wagtda kitaphanalaryň ylmy-usulyýet bölümleriniň öňünde durýan wezipeler hakynda giňişleýin maslahat ediler. Maslahatyň dowamynda kitaphana ulgamynda alnyp barylýan täze iş tejribeler barada pikir alyşdylar hem-de kitaphanalarda ylmy we usulyýet çärelerini döwrebap ýola goýmak kitaphana ulgamynyň esasy işleriniň biri bolup durýar diýip, belläp geçdiler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza ,hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.