KITAPHANALARDA YLMY-USULYÝET IŞLERINI DÖWREBAPLAŞDYRMAK


KITAPHANALARDA YLMY-USULYÝET IŞLERINI DÖWREBAPLAŞDYRMAK

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, «Ýaşlyk» teleýaýlymy bilen bilelikde «Kitaphanalarda ylmy-usulyýet işlerini döwrebaplaşdyrmak» ady bilen geçirilen usuly maslahatyna gatnaşyjylaryň çykyşlary ýazgy edildi.

Gepleşikde çykyş edenler: Şu günki geçen kitaphana işgärleriniň maslahatynyň özlerinde galan täsirleri, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň «Kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyndan» gelip çykýan netijeleri öz işlerine ornaşdyrmakda öňde durýan döwrebap işler hakynda söhbet etdiler. Kitaphanalarda ylmy we usulyýet çärelerini ýolla goýmak biziň işimiziň özeni bolup durýar.

Olar öz söhbetleriniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler!