USULY MASLAHAT


USULY MASLAHAT

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň, şäher, welaýat we etrap kitaphanalarynyň ýolbaşçylarynyň, hünärmenleriniň, «Türkmenistanyň kitaphanalarynyň çäklerinde döredilen Bütewi elektron katalogynyň işiniň maglumat binýadyny döretmek we şol esasynda alyp barmak» ady bilen usuly maslahat geçirildi.

Ýörite işlenilip taýýarlanan taslamalara we meýilnamalara laýyklykda, göz önünde tutulýan taslamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde bitewi elektron katalog ulgamynyň we elektron kitaplary okamak üçin mümkinçilikleri döretmek, şol kitaphanalaryň gaznalarynda saklanylýan çap edilen neşirleri barada ýeke-täk maglumat binýadyny döretmek, olaryň okyjylara elýeterli bolmagyny üpjün etmek, şeýle hem kitaphanalaryň arasyndaky usuly kömek, maglumatlar, alyş-çalyş işini ýola goýmak üçin olary tiz hereketli aragatnaşyk ulgamy bilen üpjün etmek göz öňüne tutulýar.