«HAKYDA GÖWHERI» KITABY BILIM ULGAMYNDA
Türkmenistanyň halk maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitabyny many-mazmun taýdan açyk görkezmek maksady bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Magtymguly adyndaky Dil, we edebiýat milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri filologiýa ylymlarynyň kandidaty Täzegül Hapyzowa bilen duşuşyk geçirildi. Geçirilen bu duşuşuk çäresini konserwatoriýanyň «Jemgyýeti öwreniş ylymlary» kafedrasynyň uly mugallymy Gülşirin Otuzowa alyp bardy.
Çärede Türkmenistanyň ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, we edebiýat milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri filologiýa ylymlarynyň kandidaty Täzegül Hapyzowa alym Arkadagymyzyň jöwher paýhasynda çykan ajaýyp eseriň aýratynlygy, onuň many-mazmunynyň täsirliligi dogrusynda bu ýere ýygnanan talyp ýaşlara birnäçe gyzykly maglumatlary görkezmek arkaly aýdyp geçdi.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Hakyda göwheri» atly kitaby gymmatlyklaryň birnäçe dünýä mirasynyň genji hazynasyna öwrülendigi, türkmeniň baý taryhy maglumatlaryny özünde jemleýän eser dürli dillerde terjime edilendigi, ýurdumyzyň deňi-taýy bolmadyk nepis halylarmyzyň, senetçilik zergärçilik sungatymyzyň mekany hökmünde, kitapda «Taryhy syýahat», «Ruhy miras» alty iki bapdan ybaratdygyny, 1-nji babynda müňýyllyklarymyzyň kemala gelen şöhratly taryhymyz, medeni ýadygärligimiz, eserde «Änew medenýeti», «Bürinç zamananyň medeni ojagy», kyssalar çeperçilik taýdan çuňlugy bilen tapawutlanýandygyny, şahyrlaryň Seýit Ysmaýyl Gürgenli, Abu Ali Ibn Sina, Abu Reýhan al-Biruny, Muhammet al-Horezmi, Abdylla Şabende, Magtymguly Pyragy, Nurmuhammet Andalyp, Döwletmämmet Azady ýaly beýik şahsyýetleriň agzalyp geçilmegi kitabyň hasda ýaşlar üçin peýdaly çeşmedigi dogrysynda hem halypa dilçi özüniň çykyşynda belläp geçdi.
Geçen täsirli duşuşygyň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň galamynyň ujynyň mundan beýläk hem ýiti bolmagyny bu ýere ýygnanlar arzuw etdiler.