KITAPHANA BILIM UMMANY


KITAPHANA BILIM UMMANY

Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyp ýaşlary şeýle-de professor mugallymlary öz talyplary bilen tejribe okuw sapagyny geçirmek üçin Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasyna gezelenje geldiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ylym bilim ulgamynda alnyp barylýan işler täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.

Gezelenjiň ahyrynda ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleri okamaga, öwrenmäge, öz saýlap alan hünäriniň eýesi bolmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza uly alkyşlar aýtdylar.