«MAGTYMGULA DÜŞÜNMEGIŇ AÇARY» ATLY OKUW SAPAGY


«MAGTYMGULA DÜŞÜNMEGIŇ AÇARY» ATLY OKUW SAPAGY

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly ajaýyp kitabynyň «Magtymgula düşünmegiň açary» atly bölümine bagyşlanyp okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagynda XVIII asyr türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömür we döredijilik ýoly barada täsirli çykyşlar ýerine ýetirildi. Şahyryň döredijiliginiň biziň häzirki durmuşymyzda tutýan orny, ýaşlary talabalaýyk terbiýelemekde ylym-bilim bermekde ähmiýetiniň uludygy barada ylmy çeşmelere esaslanyp, aýratynlyklary düşündirildi. Okuw sapagynyň dowamynda şekillendiriş sungatynda ebedilik janlandyrylan dana şahyryň çeperçilik keşbi barada gürrüň berildi. Okuw sapagynda Magtymgulynyň döredijiligine onuň ruhy halypalarynyň döreden eserleriniň ýetiren täsiri barada ylmy garaýyşlar beýan edildi. Bu geçirilen okuw sapagy ruhy mirasymyza hormat goýmakda, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde ähmiýetli mekdep bolup hyzmat eder.