TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ ÝOKARY WEKILINI KABUL ETDI
27-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hanym Kaýa Kallasy kabul etdi.
Ýewropa Bileleşiginiň ýokary wekili özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny bildirip, Ýewropa Bileleşiginde Türkmenistanyň ähli ulgamlarda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýändigini belledi. Şeýle hem myhman Aşgabadyň özboluşly binagärlik keşbiniň özünde uly täsir galdyrandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallasy mähirli mübärekläp, onuň saparynyň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygyna gatnaşjakdygyny aýtdy we bu duşuşygyň netijeleriniň ÝB bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmäge uly ähmiýet berýär. Soňky ýyllarda syýasy-diplomatik ulgamdaky gatnaşyklar diňe bir ikitaraplaýyn däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde hem üstünlikli alnyp barylýar. Şunda “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” formatyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns çekildi. Merkezi Aziýa döwletleriniň mümkinçilikleri göz öňünde tutulanda, Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli we özara bähbitli gatnaşyklaryň ilerledilmeginiň sebit üçin möhüm ähmiýeti bardyr. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde ilkinji “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” sammitiniň geçiriljekdigini belläp, onuň iki sebitiň arasyndaky köpugurly, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy yzygiderli esasda ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.
«Türkmenistan» gazeti