TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI

27-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi.

Myhman duşuşmaga wagt tapandygy hem-de mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Prezident Emomali Rahmonyň hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Pursatdan peýdalanyp, dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy Nowruz baýramy bilen gutlady hem-de Täjigistanyň müňýyllyklardan gözbaş alýan umumy taryhy, medeni kökleri bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz dostlukly döwletiň daşary işler ministrini myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, doganlyk ýurduň Prezidentine mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz Täjigistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleriniň “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” birinji sammitine taýýarlyk görmäge bagyşlanan 20-nji ministrler duşuşygyna gatnaşmak üçin Türkmenistana amala aşyrýan şu gezekki saparynyň netijeleriniň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigini belledi.

Döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň çäklerinde taraplar Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň uzak möhletli hem-de strategik häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlarymyz häzirki wagtda ikitaraplaýyn görnüşde hem-de Birleşen Milletler Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly iri sebit we halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk edýärler. Iki döwletiň Liderleriniň arasyndaky özara ynanyşmak gatnaşyklarynyň, yzygiderli geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijeleriniň hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýandygy nygtaldy.

«Türkmenistan» gazeti