ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ WE MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY


ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ WE MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY

27-nji martda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas gatnaşdylar. Duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri hem-de ýakynda Samarkantda geçiriljek “Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa” formatyndaky ilkinji sammite taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen şu ýylda ýurdumyzda geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Munuň özi döwletimiziň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, ählumumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän deňhukukly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant goşýandygynyň aýdyň beýanydyr. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanyň dünýäniň gyzyklanma bildirýän ähli ýurtlary bilen giň halkara hyzmatdaşlygy ilerletmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary öňe sürýändigini, olary durmuşa geçirmek boýunça anyk işleri amala aşyrýandygyny bellemek gerek.

«Türkmenistan» gazeti