TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI
27-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 20-nji duşuşygyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowy kabul etdi.
Myhman duşuşmaga wagt tapandygy hem-de döwletara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Hormatly Prezidentimiz goňşy ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp, dostlukly döwletiň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Özbegistanyň wekiliýetiniň Aşgabada şu gezekki saparynyň netijeli boljakdygyna ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz sebit we halkara syýasatyň möhüm meseleleri boýunça giňişleýin pikir alyşmaga mümkinçilik berjek duşuşyklarda üstünlikleri arzuw edip, gepleşikleriň jemleriniň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl-de, köptaraplaýyn formatda hem döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berjekdigini aýtdy.
Türkmenistan Özbegistan Respublikasy bilen wagtyň synagyndan geçen, mizemez hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Nygtalyşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky döwletara dialoga mahsus bolan özara ynanyşmagyň we açyklygyň ýokary derejesi oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajyp şertidir. Biziň ýurtlarymyz Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de beýleki halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Muňa birek-biregiň başlangyçlarynyňdyr teklipleriniň özara goldanylýandygy hem şaýatlyk edýär.
«Türkmenistan» gazeti