BAGTYÝAR ZAMANAMYZYŇ BAGTLY ZENANLARY


BAGTYÝAR ZAMANAMYZYŇ BAGTLY ZENANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bagtyýar zenanlary türkmen şekillendiriş we amaly-haşam sungatyny ösdürmekde, milli däp-dessurlary, asudalygy, abadançylygy, bahar paslynyň gözelligini taryp etmekde özleriniň mynasyp goşandyny goşýarlar.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ilkinji zenanlar guramasynyň gurnamagynda «Bagtyýar zamanamyzyň bagtly zenanlary» atly söhbetdeşlik geçirildi. Döredijilik duşuşygy alyp baran «Miras» teleradioýaýlymynyň «Medeni miras» bölüminiň müdiri Ýazjahan Babaýewa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň nakgaşçylyk kafedrasynyň mugallymy Gülälek Saryýewa, amaly-haşam sungaty kafedrasynyň mugallymlary Şirin Gylyjowa, Oguldöndi Baýramgeldiýewa we şol kafedranyň mugallym-öwrenijileri Maýsa Garaýewa hem-de Gunça Ballyýewa bilen söhbetdeşlik geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Aýnur Guwanjowa tarapyndan milli sungatymyza, enäniň mähir-söýgüsine bagyşlanan aýdymlary ýaňlandy.

Zenan suratkeşleriniň döredijiliginde bahar paslynyň gözelligi uly orun tutýar. Çünki ýaz pasly her bir sungat işgäriniň duýgularyny biparh goýmaýar. Suratkeşleriň reňk tagtasyndaky dürli boýaglar bahar paslynda ýagyşdan soň çykýan älemgoşary ýatladýar. Ajaýyp reňk sazlaşygyny janlandyrýan tebigatyň dürli pursatlaryny, gülleriň, baglaryň, baharyň gelendigini buşlap duran öwüşginleri nakgaşlyk, halyçylyk, zergärçilik, külalçylyk eserlerinde şöhlelenýär. Zenan mugallymlar hem bu paslynyň gözelligini dürli sungatlaryň görnüşlerinde suratlandyrylyşy, çeper çözgütleriň we usullaryň özboluşlylygy, halypa-şägirtlik ýörelgesiniň däpleri türkmen sungatynda dowam edilişini barada gürrüň berdiler. Sungat ojagymyzda zähmet çekýän zenan mugallymlar we bilim alýan talyp gelin-gyzlar her bir ynsanyň ýüreginde, kalbynda söýgini, gözelligi, juwanlygy oýarýan bahar paslynyň keşbini açmaga ymtylýarlar. Zenanlaryň ruhy dünýäsinden dörän eserler adamlaryň kalbyna we dünýägaraýyşlaryna ýetirýän çeperçilik we estetiki taýdan täsiri diýseň uludyr.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň zenan mugallymlary özleriniň döredijiliginde bagtyýar zamanamyzy wasp edip, watansöýüjilik ugrunda terbiýelemek, milli mirasymyza hormat goýmak, zähmete söýgi döretmek, milliligi wagyz etmekde işjeň gatnaşýarlar.



Jeren BALTAÝEWA



Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy