PARAHATÇYLYK DOST-DOGANLYGYŇ ÝÖRELGESI
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasynda «Parahatçylyk dost-doganlygyň ýörelgesi» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde türkmen halky ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän asylly ýol-ýörelgelerimize, hoşniýetli gatnaşyklarymyza eýerip, dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy, abadançylygy pugtalandyrmak ugrunda uly tagallalaryň edilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny uly dabaralar bilen belleniljekdigi, ata Watanymyzyň ösüşleri, özgerişleri, halkymyzyň bagtyýarlygy, döwletimiziň parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege ynanyşmak we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň dünýä ýaýylýandygy barada belläp geçdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda Watanymyzy gülledip, halkymyzy ösüşlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.