ISPANIÝALY ZENANDA TÜRKMEN ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATYNYŇ GALDYRAN TÄSIRI
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz depginli we yzygiderli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirýär hem-de halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp orun eýeleýär. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Ispaniýa döwletiniň ýaşaýjysy Susana Arewalogil Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine myhmançylyga gezelenje geldi. Ispaniýaly zenanda muzeýiň sergi bölümlerindäki sergilenen muzeý gymmatlyklary örän uly täsir galdyrandygy barada şeýle belleýär: «Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi munuň özi hakyky täsinlikdir. Gadymy şäherlerden tapylan arheologiki galyndylary bar. Türkmen suratkeşleriniň döreden nakgaş eserleri hakykatdan hem ajaýyp. Mundan başga-da Hindi, Hytaý, Ýapon hem-de Ýewropaly meşhur suratkeşleriň eserleriniň ýygyndylary sergilenen. Şeýle-de owadan halylar görkezilen. Men bu muzeýiň täsinliklerini görmäge gelmegiňizi maslahat berýärin».
