BRIFING DUŞUŞYGY


BRIFING DUŞUŞYGY

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de «Aşgabat» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji umumy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahabat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli brifing duşuşygy geçirildi. Duşuşygy «Aşgabat» teleýaýlymynyň gepleşikleri taýýarlaýjysy we gurnaýjysy–Guwanç Çaryýarow alyp bardy. Şeýle-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Dünýä ykdysadyýeti kafedrasynyň mugallymy–Allaberdi Berdiýew, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüniň iňlis dili mugallymy–Myrat Halnazarow, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy–Suraý Guljanowa, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahabat gaznasynyň hasabyna bejergi alan Allanazarow Hangeldiniň ejesi–Allanazarowa Gülälek dagylar çykyş etdiler. Başga-da Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyň, Türkmen döwlet maliýa institutynyň talyplary hem-de dürli ulgamlarda zähmet çekýän ýaş hünärmenler duşuşyga gatnaşdylar.