«HÜNÄR BİZİ SAÝLAÝARMY ÝA-DA BİZ HÜNÄRİ, ÝAŞLARY NÄDİP HÜNÄRE HÖWESLENDİRMELİ» ATLY DUŞUŞYK


«HÜNÄR BİZİ SAÝLAÝARMY ÝA-DA BİZ HÜNÄRİ, ÝAŞLARY NÄDİP HÜNÄRE HÖWESLENDİRMELİ» ATLY DUŞUŞYK

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda jemgyýetçilik işgäri, pedagog, Türkmenistanyň Ýaşlar Guramasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň geňeşçi agzasy Merdan Ataýewiň myhman bolmagynda «Hünär bizi saýlaýarmy ýa-da biz hünäri, ýaşlary nädip hünäre höweslendirmeli» atly duşuşyk geçirildi. Bu duşuşykda myhman ýaşlary öz hünärine nähili höweslendirmelidigini onuň usullardyr-görnüşlerini, hem-de iş üpjünçiligi barada gürrüň berdi.

Duşuşygyň dowamynda myhman Merdan Ataýew öz zähmet ýoly, dürli wezipelerde işlän ýerleri, hem-de ýaşlar bilen döreden gurnaklary, olar bilen iş salyşmak barada hem öz çykyşyny talyp ýaşlara görkezdi.

Duşuşygyň ahyrynda bolsa, Merdan Ataýew özüniň gurnaklarynyň şonuň guramaçylygynda geçirilen birnäçe bäsleşikdi–çärelerini wideo we fotosuratlar arkaly görkezip düşündirdi.

Duşuşyk jemlenenden soň, talyplar myhman bilen ýadygärlik surata düşdiler we çykyşy üçin köp sag bolsun aýtdylar.



Kuwwat ÝOWBASAROW



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano» fakultetiniň V ýyl talyby