BITARAPLYK ÝOLY DÜNÝÄ NUSGA GÖRELDÄMIZ


BITARAPLYK ÝOLY DÜNÝÄ NUSGA GÖRELDÄMIZ

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda gülleýän Watanymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy uludan tutulýar.Türkmenistan Halkara parahatçylygyň we ynanyşmak ýylynda şanly baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde şol sanda Arkadag şäherinde toý lybasyna beslenip, aýratyn gözellik we baky bagtyýarlyk eçilýär. «Dünýäde BMG tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bu biziň ata Watanymyz eziz Türkmenistandyr» diýlen nurana, buýsançly sözler bu gün abadan halkymyzyň diliniň senasyna, ýürek owazyna öwrüldi. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň iň ýakyn we ynamdar hyzmatdaşy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy dünýä syýasatynda, halkara gatnaşyklarynda täze hadysadyr. Onuň düýp manysy ynsanperwerlikdir. Ol ägirt uly ruhy-ahlak güýçdir.Türkmen Bitaraplygynyň şeýle güýje eýedigine, onuň sebitde howpsuzlyga we durnuklylyga uly goşant goşýandygyna dünýä jemgyýetçiligi barha aýdyň göz ýetirýär. Bitaraplyk mynasybetli Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Bitaraplyk ýoly dünýä nusga göreldämiz» atly sergi burçy döredildi . «Bitaraplyk ýoly dünýä nusga göreldämiz» atly sergimize dürli ýaşly mekdep okuwçylarda uly täsir galdyrdy. Bize şeýle abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de mynasyp zähmet çekmegi ugrunda bimöçber aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza uly alkyş aýdýarys!