MUZEÝMIZE TALYP ÝAŞLARYŇ GEZELENJI


MUZEÝMIZE TALYP ÝAŞLARYŇ GEZELENJI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň buýsanjyna hem şöhratyna öwrülen baý milli mirasymyzyň hemmetaraplaýyn öwrenilmegi we wagyz edilmegi möhümdir. Taryhy we medeni mirasymyzyň gymmatlyklary bolan muzeý esbaplaryny goramak, aýawly saklamak hem-de sergilemek muzeý işgärleriniň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gezelenje geldiler. Myhmanlar türkmen halkynyň milli gymmatlyklary bilen taryhy maglumatlarynyň üsti bilen giňişleýin tanyşdyryldy.

Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi birnäçe bölümlerden ybarat. Etnografiýa ekspozisiýasynda türkmen halkynyň baý maddy we ruhy medeniýeti barada gürrüň berýän eksponatlar, ýagny türkmen milli egin-eşikleri, gelin-gyzlaryň ajaýyp el hünärleri, täsin türkmen halylary, türkmen ýaraglarynyň nusgalary, halk saz gurallary, kümüş saý-sepleri ýerleşdirilen.

Arheologiýa ekspozisiýasynda türkmen topragynyň mezolit döwründen başlap (biziň eýýamymyzdan öňki IX-VII müňýyllyklary) XVIII asyra çenli taryhy görkezilýär. Bu ýerde Gadymy Margiananyň, antik we orta asyr Merwiň taryhyna degişli eksponatlar ýerleşdirilen. Türkmenistanyň cägi uzak geçmişiň dowamynda gadymy siwilizasiýalaryň mekany bolup, ol dürli eýýamlaryň taryhy ýadygärliklerine baýdyr.

Garaşsyzlyk zalynda Türkmenistan Watanymyzyň bilim, ylym, saglygy saklaýyş, medeniýet ýaly ulgamlarda ýeten täze sepgitleri barada gürrüň berýän, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny berkitmek ugrundaky edilen işlerini, senagatynyň we ykdysadyýetiniň ösüşlerini beýan edýän fotosuratlar, resminamalar, kitaplar we beýleki eksponatlar ýerleşdirilen.

Medeni-ruhy gymmatlyklarymyzy özünde jemleýän ajaýyplyklarymyzy, taryhy–medeni ýadygärliklerimizi öwrenmek, ýaş nesle ýetirmek üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!