TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI


TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

28-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esasy ýörelgelerine laýyklykda, raýatlaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, hukuk tertibini we kanunçylygy pugtalandyrmak, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak işleri dowam edýär. Halkara guramalar, daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Mejlisiňde putatlary BMG-niň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatyna we duşuşygyna gatnaşdylar. Şeýle-de deputatlar hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň sebit we halkara derejede parahatçylygy, ynanyşmagy, netijeli hyzmatdaşlygy berkitmekdäki ähmiýetini, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halkymyza düşündirmek boýunça çärelere işjeň gatnaşýarlar.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kanunçylygynyň döwrebap we kämil bolmagy üçin netijeli işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

«Türkmenistan» gazeti