ÄNEW TARYHY MEDENIÝETIŇ OJAGY


ÄNEW TARYHY MEDENIÝETIŇ OJAGY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň söwda kooperatiw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda «Änew taryhy medeniýetiň ojagy» atly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşlikde hünärmenimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň. «Änew–müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda halkymyzyň örän baý we köptaraply taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamaga, milli mirasymyzy wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ata-babalarymyzyň müňýyllyklarynyň dowamynda döreden medeni gymmatlyklary tutuş adamzat medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşýandygy, olaryň şol uzak asyrlaryň dowamynda döreden taryhy gymmatlyklary dürli-dürli ýadygärlikleriň biziň günlerimize gelip ýetendigi barada gürrüň berdiler. Göçme kitap sergi talyplarda uly täsir galdyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmeniň gadymy taryhyny giňişleýin öwrenmäge, dünýä ýaýmaga döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.