GUŞLAR DÜNÝÄSI
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy we Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti bilen bilelikde Guşlaryň halkara güni hem-de «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli «Guşlar dünýäsi» atly mekdep okuwçylaryň arasynda geçirlen bäsleşikde tapawutlanan çagalary gutlamak dabarasy geçirildi.
2025-nji ýylyň fewral-mart aýlarynda Döwlet muzeýinde Aşgabat şäherindäki orta mekdep okuwçylaryň arasynda test görnüşinde bäsleşik geçirildi. Test geçirmezden öň okuwçylara Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň ekspozisiýasynda guşlar barada ekskursiýa berildi. Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň ylmy işgärleri bu bäsleşige köp okuwçylary gatnaşdyrmak maksady bilen mekdeplerde guşlara degişli göçme sergi gurnadylar. Çagalar Türkmenistanda duş gelýän guşlaryň köpdürliligi bilen tanşyp, ýurdumyzda gyşlaýan, höwürtgeleýän, göçüp geçýän guşlar, olaryň aýratynlyklary, biologiýasy bilen tanyşdylar. Bäsleşige 700-den gowrak okuwçy gatnaşdy. Olaryň arasynda 37 sany okuwçy tapawutlandy. Ýeňijilere Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň hormat haty, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hem-de Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti tarapyndan höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.
Ýeňijileri gutlamak üçin Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Mahabat we neşir işleri bölüminiň müdiri Bossan Ataýewa, Türkmenistanyň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi Milli institutynyň ylmy işgäri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty, ornitolog Jumamyrat Saparmyradow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Ogulbäbek Baýmyradowa, Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň wagyz-ündöw işleri boýunça hünärmeni Gülnar Çaryýarowa, Aşgabat şäheriniň 63-nji orta mekdebiniň biologiýa mugallymy Aýşat Nurmyradowa we Aşgabat şäheriniň 7-nji orta mekdebiniň mugallymy Güljemal Baýramdurdyýewa çykyş etdiler.