TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
31-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarifiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, birek-biregi we iki ýurduň dostlukly halkyny mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar hem-de Oraza aýynyň sahawatly günlerinde tutulan orazalaryň, edilen ýagşy doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdiler.
Muhammad Şahbaz Şarif Pakistanyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda başlangyçly çykyş edýän Bitarap Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini belläp, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň iberen mähirli salamyny hem-de berk jan saglyk, abadançylyk, üstünlikler baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle-de Premýer-ministr türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny, Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, myhmana Gahryman Arkadagymyzyň salamyny hem-de Oraza baýramy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we öz adyndan dostlukly ýurduň döwlet Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
«Türkmenistan» gazeti